ŞANLY WAKA BAGYŞLANDY

     Uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda raýatlarymyzy bedenterbiýä we sporta çekmekde, türkmen sportuny ösdürmekde gowy netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigine, soňky ýyllarda bagtyýar ýaşlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, uly üstünliklere eýe bolýandyklary, asuda Watanymyzda amala aşyrylýan sport syýasatynyň barha rowaç alýandygy şaýatlyk edýär. Ýakynda, Aşgabat şäherinde geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşynda Türkmenistan döwletimiziň «Galkan» hokkeý toparynyň baş baýraga mynasyp bolmagy hem, ykbaly galkynan türkmen ýaşlaryna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi.

     Hut şu jähetden, şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Mary welaýat myhmanhanasynda geçirilen söhbetdeşlige ady agzalan guramalaryň wekilleri gatnaşyp, onda ýaşlarymyzyň buýsançly sözleri beýan edildi.

     Uly täsirlere beslenip geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işleri netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalara beslenýändigini, ähli ulgamlar bilen bir hatarda türkmen sportunyň barha rowaçlanmagynyň ýaşlarymyzda, ylaýta-da sport janköýerlerinde buýsanç duýgusyny kemala getirýändigini bellediler. Soňra türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzda sportuň dünýäde gazanýan üstünlikleriniň we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň dabaralanýandygynyň ykrarnamasydygy bilen bagly buýsançly gürrüňe söhbetdeşlikde aýratyn ähmiýet berildi. Ýakynda, Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçen Hokkeý boýunça halkara ýaryşynda döwletimiziň «Galkan» hokkeý toparynyň baş baýraga mynasyp bolmagy baradaky täsirli söhbet çykyşlaryň özenini düzdi.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlaryň her biri ýurdumyzda sport ulgamynda durmuşa geçirilýän bimöçber aladalar üçin, Gahryman Arkadagymyza hem-de Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar