«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI

      Ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi.

      Talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň institut tapgyry Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan guramaçylykly gurnalyp, oňa bir-birinden zehinli, medeniýetden,sungatdan we döredijilikden oňat baş çykarýan, kalplary ata Watanymyza bolan buýsanç duýgularyndan püre-pür talyplaryň 8-si gatnaşdy.

      Döredijilik bäsleşigi jemi 3 şertden ybarat boldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp ýigitler özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etmekde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen baglanyşykly türkmen ýigdine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdymlary, goşgulardyr, sahnalary hem-de ýekelikde şorta sözi ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler. Olar özleriniň zehin we ukyp başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler.

      Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby Abdulwahyt Abdyrahymow baş baýraga mynasyp bolup, ol Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan talyp ýigitlere TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

      Şeýle hem, bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň  Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar