Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan oňyn işler maksadalaýyk netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Ýurdumyzyň daşky gurşawyna aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda amal edilýän işler nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy barada edilýän aladalaryň bimöçberliginden nyşandyr. Ata Watanymyzda ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek we olaryň tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Golaýda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan» ugur alyp, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, etrabyň Çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Daşky gurşawy goramak» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Ady agzalan sungat mekdebiň zehinli okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu döredijilik bäsleşik örän gyzykly ýagdaýda geçdi.
Bäsleşikde okuwçylar tebigatyň we baglaryň suratyny çekmek boýunça özara bäsleşdiler. Uly täsirlere beslenip geçirilen bu bäsleşik okuwçy ýaşlaryň ekologiýa medeniýetiniň we tebigata aýawly garaýşynyň kämilleşýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçy ýaşlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen okuwçylary habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Sähra UMMALYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.