Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda ilatymyzy, ylaýta-da, ýaşlarymyzy bedenterbiýä köpçülikleýin çekmekde, olaryň arasynda sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Gadamy barha batlanýan sport ulgamynda durmuşa geçirilýän şeýle işleriň netijesinde, ilatyň saglygyny berkitmekde, ýurdumyzyň sport abraýyny täze belentliklere çykarmakda uly üstünliklere eýe bolunýar.
Ýakynda ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen giňişleýin meşgullanmagyny gazanmak, olary sporta giňişleýin çekmek we bagtyýar ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Mary welaýatynyň «Garagum» sport mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan toparlaryň 4-si gatnaşdy.
«Sagdynlyk – ruhubelentlikdir!» atly şygar astynda geçen ýaryş diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly bolup, oňa gatnaşan okuwçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermegi netijesinde ýaryşda düzülen toparlar degişlilikde ýeňiş gazanmagy başardylar. Şeýlelikde etrabyň 1-nji orta mekdebinden düzülen topar I orna, etrabyň 7-nji orta mekdebiniň topary II orna we etrabyň 2-nji orta mekdebiniň topary III orna mynasyp boldular.
Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle maksatly çäreleriň yzygiderli guralmagy ýaşlaryň kalbynda dostluk duýgusyny terbiýeläp, sagdyn ýaşaýyşa gönükdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Sülgün AGAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum
etrap Geňeşiniň başlygy.