TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň buýsançly wakalara beslenýän ajaýyp günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy türkmen halkyna, ylaýta-da, bagtyýar ýaşlarymyza guwançly sowgat boldy. Häzirki günlerde bolsa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleri tarapyndan tassyklanan meýilnamalar esasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarydyr, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolup, geçirilýän çäreleriň her biri uly gyzyklanma eýe bolýar.

     Golaýda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy hem şeýle taryhy waka bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Baýramaly etrap Geňeşleriniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik duşuşygy täsirli ýagdaýda geçip, oňa bagtdan paýly we kalplary Watan söýgüsinden doly ýaşlaryň birnäçesi gatnaşdy.

     Söhbetdeşligiň başynda müňýyllyklaryň durmuş hakykatyny özünde jemleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagynyň öňümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şanyna-şan goşandygy, her birimiziň kalbymyza bolsa, egsilmez joşgun duýgusyny bagyş eýländigi barada buýsançly söhbet açyldy. Çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň pikir-garaýyşlarynyň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa we edebiýat ýaly ylymlaryň maglumatlarynyň halk hakydasynda orun alan rowaýatlardyr, tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmeginiň ähmiýeti buýsançly bellenilip, bu kitapda eziz Diýarymyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalary baradaky anyk mysallaryň getirilmegi ýaşlar üçin ähmiýetiniň diýseň uludygy aýratyn nygtaldy.

     Şeýle hem, çykyş edenleriň her biri türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasyny bütin dünýäde tanatmak ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň  Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar