Uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ýaşlaryň durmuşunda ýakymly pursatlary döretdi. Häzirki günlerde welaýatymyzyň çäginde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa ady guramanyň we kitaphananyň wekilleri gatnaşdy.
Duşu;ykda ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň dabaraly bellenilip geçilmegi şatlykly we taryhy pursatlara beslenip, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterendigi, şol çärelere badalga berilmeginiň öňüsyrasynda hem hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitabynyň bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan söhbet açýandygy barada, her babynyň many-mazmuny dogrusynda buýsançly bellediler.
Çäräniň ahyrynda söhbetdeşlige gatnaşanlaryň her biri hormatly Prezidentimiziň eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip, ýaşlar üçin ähli ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maýa AKMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.