Ýakynda ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny ählitaraplaýyn goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 2-nji orta mekdebinde okuwçy ýaşlaryň arasynda «Dialog-parahatçylygyň kepili» atly daşary ýurt dillerinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi.
Gyzgalaňly geçen bu bäsleşikde okuwçy ýaşlar dürli žanrlardaky aýdymlary daşary ýurt dillerinde ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dünýäniň dürli dillerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň wasp edilmegi, çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bäsleşikde gowy çykyş eden okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Uzukjemal ÖMÜROWA,
TMÝG-nyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.