Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary şäher häkimligi, Mary şäher Prokuraturasy, Mary şäher Polisiýa bölümi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirligi, Mary welaýat Baş bilim müdirligi, «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy bilen bilelikde tassyklaşan meýilnamasy esasynda Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Sanly ulgamyň ösüşli gadamlary – ýaşlaryň röwşen geljegi» atly şygar bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň welaýat, şäher Geňeşleriniň hünärmenleri hem-de şol mekdebiň mugallymlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda häzirki döwürde ylmyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornunyň barha berkeýändigini nazara alyp, ýurdumyzda ýaşlaryň sanly ulgam bilen meşgullanmaklaryna uly üns berilýändigi, ýokary hünärli, täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we zerur hünär bilimi bolan hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleriniň hataryndadygy dogrusynda, şeýle hem sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagynyň ýaşlaryň bu ugurda has-da kämilleşip ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsir edýändigi barada buýsanç bilen bellediler. Sanly ulgamy howpsuz we medeniýetli ulanmak boýunça birnäçe degerli maslahatlary berdiler.
Ýygnaga gatnaşanlar bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap ylymly, bilimli, giň gözýetimli bolmagy ugrunda yzygiderli aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Mähri SAPAROWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary
şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.