WATANYŇ DAÝANJY BILIMLI ÝAŞLAR

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Dana bilim merkeziniň Mary şahamçasynyň bilelikde gurnamaklarynda Mary şäheriniň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 4-5-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Watanyň daýanjy bilimli ýaşlar» atly iňlis dili, rus dili we matematika dersleri boýunça bäsleşik geçirildi.

     «Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, şeýle-de ýaşlaryň ylym-bilime, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige mekdep okuwçylarynyň 200-e golaýy gatnaşdylar.

     Diýseň gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşikde Baş baýraga Mary şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ataýew Daýanç mynasyp boldy.

     4-nji synplardan I orna Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň okuwçysy Myradowa Aýnur, II orna Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy Ilbegiýewa Güljemal, III orna Mary şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Atadurdyýew Dawut dagylar mynasyp boldular.

     Şeýle hem, 5-nji synplardan: I orna Mary şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy Täçmyradowa Aýzada, II orna Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň okuwçysy Batyrmyradowa Nurana, III orna Mary şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gurbanow Jemşit dagylar mynasyp boldular.

     Gatnaşanlara we ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we Dana bilim merkeziniň Mary şahamçasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

     Bäsleşige gatnaşan bagtyýar ýaşlar ylymly-bilimli, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetleri kemala getirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Laçyn KAKAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar