Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, Baýramaly etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda şol kitaphananyň binasynda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 15-nji bendinden ugur alyp, bagtyýar ýaşlarda milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine söýgi döretmek maksady bilen, TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň işgärleriniň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda «Milli miras – nesillere görelde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işleriň alnyp barylmagy, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmaty, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň döreden ajaýyp el işi bolan gadymy kürtäniň nepisligi, türkmen zenanlarynyň gymmatlygy bolan gadymy keteni, kürte, tahýa, we beýleki birnäçe el işleri, milli şaý-sepleri hakynda gürrüňler edildi.
Duşuşyga gatnaşan ýaşuly neslimiz we bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzda milli mirasymyzy hasda kämilleşdirmekde, nesillerden-nesillere geçirmekde, aýap saklamakda döwrebap işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hallygözel KERWENOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.