KITAP – GEÇMIŞI, GELJEGI ÖWREDÝÄN DOWAMAT

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasy bilen gurnamagynda şol kitaphananyň binasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli jöwher paýhasyndan dörän, «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby mynasybetli «Kitap – geçmişi, geljegi öwredýän dowamat» ady bilen brifing duşuşygy geçirildi.

       Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň baplary, olardaky taryhy, ylmy maglumatlar barada, şeýle hem ajaýyp eseriň her bir okyjy üçin gadymy topragyň baý medeniýetini, şöhratly taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmedigi barada çuň many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.

       Ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmekde, wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri çärä gatnaşyjylaryň ýürek senasyna öwrüldi.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni,

Mary welaýat Halk Maslahatynyň agzasy.

Meňzeş habarlar