Ýaňy-ýakynda Mary welaýat kitaphanasyna guralan gezelenç çäresi bagtdan paýly, sylagdan serpaýly ýaşlara, orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylara hem-de talyp ýaşlara täsirli duýgulary bagyş eýledi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen gezelenç çäresiniň esasy maksady «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendini durmuşa geçirmekden ybarat boldy.
Gezelenç çäresine gatnaşyjylar ilki bilen ýaşlaryň okamaga, özleriniň bilimlerini artdyrmaga we döredijiligini kämilleşdirmäge ähli mümkinçiliklere eýe bolan kitaphananyň Galkynyş otagy, ýaşuly nesiller üçin gündogar äheňinde gurnalan okalga otagy, çagalar üçin niýetlenen oýun otagy, syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar ýerleşdirilen okalga otagy we taryhy muzeýine baryp gördüler. Soňra ruhubelent ýaşlar kitaphananyň obserwatoriýa otagynda ýerleşdirilen häzirki zaman kompýuter we kämil teleskop enjamlary, şeýle hem üçegiň açylyp-ýapylýan gümmezi bilen içgin tanyş boldular. Bu bolsa, ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Gezelenç çäresiniň dowamynda ata Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan, ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi üçin ähli amatlyklary we durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.