ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

     Häzirki günlerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şanly wakasyna öwrüljek Gündogaryň beýik şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu sene mynasybetli hem wagyz-nesihat çäreleri, döredijilik duşuşyklary we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

     Golaýda Mary etrabyndaky 39-njy orta mekdebinde geçirilen aýdym-sazly çäresi hem şanly senä bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen çäre «Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen topragynyň gözelliginiň waspy» diýlip atlandyryldy. Çärä TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmenleri, mugallymlar we okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

     Uly ruhubelentlikde geçen aýdym-sazly çärede ady agzalan orta mekdebiň okuwçylary nusgawy şahyrymyzyň we Meňli gyzyň keşbine girip, sahna oýunlarynyň üsti bilen öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Beýik akyldar şahyr, söz mülküniň zergäri bolan Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar bolsa, çäräniň şowhunyny we täsirliligini has -da artdyrdy.

     Şeýle hem çärä gatnaşanlaryň her biri nusgawy edebiýatymyzy we akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Parahat HAŞYMOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar