MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebinde maslahat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, Garagum etrap Polisiýa bölüminiň wekilleri, ady agzalan orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçylary hem-de mugallymlary gatnaşdy.

      Maslahat duşuşygynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistanyň 2024-ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşy we «Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda»  Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary babatynda täsirli gürrüň berdiler.

      Duşuşygyň dowamynda internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda edilen çykyşlar bolsa, oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

      Geçirilen duşuşygyň ahyrynda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum

etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar