Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly möçberli işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak üçin Watanymyzda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, olary geljekde Watanymyza wepaly, sagdyn nesil edip ýetişdirmek maksady bilen sport çäreleri, bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Golaýda Sakarçäge etrabynyň 5-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi bilen 5-nji çagalar bagynyň bilelikde guramagynda «Sagdyn geljek – bagtyýar geljek» ady bilen sport çäresi geçirildi. Sport çäresiniň dowamynda körpe nesliň wekilleri ýüpe dyrmaşmak, top oýnamak ýaly sportuň ýönekeý görnüşlerini we aşyk oýnamak ýaly milli oýunlarymyzy ýerine ýetirdiler.
Şeýle sport çäreleriniň geçirilmegi çagalaryň berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.
Suraý BABANYÝAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.