TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

      Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynyň neşir edilmegi ýaşlaryň ykbalyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş etdi. Häzirki günlerde etrabymyzyň çäginde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.

      Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baýramaly şäher birleşmesiniň hem-de etrabyň merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli örän boldy. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

      Tegelek stoluň başyna ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň dabaraly bellenilip geçilmegi şatlykly we taryhy pursatlara beslenip, ata Watanymyzyň  şän-şöhratyny belende göterendigi, şol çärelere badalga berilmeginiň öňüsyrasynda hem hormatly Prezidentimiziň «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny türkmen halkyna sowgat bermegi dogrusynda joşgunly çykyş etdiler.

      Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitabynyň bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan we ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýandygy barada buýsançly bellediler.

      Çäräniň ahyrynda söhbetdeşlige gatnaşanlaryň her biri hormatly Prezidentimiziň  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda okyjylar köpçüligine gowşan täze kitabynyň  höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip, ýaşlarymyz üçin durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Baýramgeldi GAÝYPOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly

şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar