Ýurdumyzda ýaşlara ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň inçe tilsimlerini öwretmek, olarda zähmetsöýerligi kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle asylly işlere biziň her birimiz mynasyp goşant goşmalydyrys. Hut şu nukdaýnazardan, etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi tarapyndan hem çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň, orta, ýörite orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan okuwçy we talyp gyzlaryň arasynda dürli çäreler, bäsleşikler yzygiderlilikde geçirilýär.
Ýakynda, şeýle çäreleriň biri etrabyň 2-nji çagalar bakja-bagynda geçirildi. TMÝG-niň Mary etrap Geňeşiniň hem-de ady agzalan çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşigiň esasy maksady körpe nesillerde ýaşlykdan hünäre höwes döretmekden, el işleriniň inçe syrlaryny giňden wagyz ybarat boldy.
Geçirilen bäsleşikde körpeje çagalar keşde çekmek we alaja örmek ýaly ugurlar boýunça özara bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Eminler sünnälenip ýerine ýetirilen el işlere mynasyp bahalar berildi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa, körpe nesillerde milliligimize bolan söýgini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Sülgün ATAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.