ÝAŞLAR – ŞU GÜNÜŇ WE GELJEGIŇ EÝELERI

       Ýakynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimiziň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işlere, ýetilýän beýik sepgitlere we ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanmasyna bagyşlanyp, Mary welaýat kitaphanasynda dabaraly maslahat geçirildi. «Ýaşlar – şu günüň we geljegiň eýeleri» diýlip atlandyrylan bu dabaraly maslahat Mary welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de welaýat kitaphanasy tarapyndan guraldy. Maslahata TMÝG-niň Mary welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, welaýatyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdy.

       Çykyş edenler täsirli geçen dabaraly maslahatyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän we halkyny Gün kimin çoýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky taryhy özgertmeleri, şol sanda ýaşlarymyz üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Ýaşlaryň diňe bir döwletiň däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň geljegi hasaplanýandygy, şu nukdaýnazardan hem, dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi barada täsirli gürrüň, çykyşlaryň özenini düzdi.

       Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar