SURAT ÇEKMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

     Golaýda körpe nesilleriň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň döredijilige bolan höwesine artdyrmak we ýaş nesillerde surat çekmek bilen meşgullanmak endigini kemala getirmek maksady bilen Murgap etrabynyň 6-njy çagalar bakja bagynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen bäsleşige ady agzalan bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň birnäçesi gatnaşdy.

     «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp guralan bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Gyzykly geçen bäsleşikde körpeler eziz Watanymyzy we ajaýyp tebigatymyzy wasp edýän mowzuklar boýunça surat çekmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren işleri körpe nesilleriň döredijilige bolan söýgüsini has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

     Bäsleşige işjeň gatnaşan körpe nesiller ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

 

Nowruz MÄLIKOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar