HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY GIŇDEN WAGYZ EDILÝÄR

      Ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti uludyr. Şu günler etrabymyzyň çäginde hem halypa-şägirtlik ýoluny has-da kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklarydyr dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar.

      Golaýda şeýle çäreleriň biri Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň çagalar sungat mekdebinde hem geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalaryndan ugur alyp, ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek we ony dowam etdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň hem-de etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly duşuşyga şol mekdepde bilim alýan okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

      Dabaraly duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy we medeni, ruhy mirasymyzy öwrenmäge, olary ýaş nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarynyň dowamy şäherçäniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Olaryň dutar saz guralynda ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

      Täsirli geçen duşuşyga gatnaşanlar halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmeklige giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. 

 

Aýnabat KAKAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar