«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ýeňişli ýolunyň häzirki günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik we söhbetdeşlik duşuşyklary biziň etrabymyzda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda Mary myhmanhanasynda geçirilen «tegelek» stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy hem akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşygyň başynda edebiýata, milli mirasymyza we döredijilik älemine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly söhbet açyldy. Soňra üstümizdäki ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri, bu ýylymyzyň hem akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşykly bolmagy hem-de ýylyň şygaryň Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygryndan gözbaş almagy barada gürrüňler edildi. Söz mülküniň zergäri Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda edilen gürrüňler söhbetdeşligiň özenini düzdi.
«Tegelek» stoluň başyna ýygnananlar nusgawy şahyrymyzyň döredijilik älemini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Hojamyrat AKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.