Ýakynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 14–nji bendinden ugur alyp, ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek hem-de ýaşlara milli medeni gymmatlyklarymyzyň döreýşiniň gözbaşyny we taryhyny düýpli öwretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna gezelenç çäresi geçirildi. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň wekilleri hem-de okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.
Gezelenjiň barşynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Baýramgeldi Gaýypow çykyş edip, ol ata Watanymyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan we dünýäniň logistik ulgamynyň sazlaşykly ösüşine täsir edýän häzirki zaman taslamalarynyň gadymy nusgalary, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň has meşhur gatnawly döwründäki taryhy ýerleriniň şähergurluşyk aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Gezelenjiň dowamynda okuwçy ýaşlaryň Gadymy Merwiň başgaça «Şahyjan», ýagny «Şalaryň jany» diýlip atlandyrylandygy baradaky gymmatly maglumatlar bilen tanyş bolmagy çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy.
Serdar BERDIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly
şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.