GOŞA BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN DABARA

    Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň milli buýsanjyny we çyn söýgüsini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we türkmen Tugunyň waspy dünýä ýaň salýar. Sebäbi, her bir döwletiň dünýä giňişligindäki ornuny, ilki bilen özüniň hukuk binýady kesgitleýär, ony döwlet Tugy sarpalaýar. Bu gün ajaýyp zamanamyzda hem ýurdumyzyň çar künjeginde ata Watan, ene toprak ýaly mukaddeslikleri alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni aýratyn dabara bilen bellenip geçilýär.

    Şu gün, Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen dabaraly duşuşyk hem goşa baýramçylyga bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk duşuşygy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we esasy Kanuny bagtyýar halkymyzyň buýsanjydyr!» diýip atlandyryldy. Oňa TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, talyp ýaşlar hem-de kitaphana işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdy. Duşuşykda baýramçylyk ähmiýetli täsirli çykyşlara orun berildi.

    Çykyş edenler ilki bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, bu baýramçylygyň parahat ýurdumyzyň Baş Kanunyndan ugur alyp, ýaşyl Tuguny belentde parladýan döwletimiziň berkararlygynyň baýramydygyny, bu iki mukaddesligiň bir günde bellenilmegi bolsa, ýüreklerde şatlyk we guwanç duýgularyny döredýändigini buýsançly bellediler. Ýaşyl Tugumyzyň hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ynsanperwerlige, dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna gönükdirilendigi baradaky joşgunly gürrüň bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi.

    Täsirli geçen baýramçylyk duşuşygyna gatnaşanlar halkymyzy bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar