«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň buýsançly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi türkmen halkymyz, ylaýta-da, bagtyýar ýaşlarymyz uly ruhubelentlikde garşylaýar. Häzirki günlerde bolsa, bu şanly baýram mynasybetli geçirilýän toý dabaralardyr, çäreler giň gerime eýe bolýar.
Şu gün Tagtabazar etrabynyň sazçylyk sungat mekdebinde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi hem bu şanly waka bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk çäresi «Türkmen tugun arşa göteren ýaşlar» diýlip atlandyrylyp, oňa şol mekdepde bilim alýan okuwçy ýaşlar gatnaşdy.
Baýramçylyk dabaranyň başynda many-mazmunly çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly bellenýändigi, bu goşa baýramyň bir günde bellenilmegi bolsa, iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygy barada täsirli gürrüň edildi. Işjeň ýagdaýda geçen dabarada halkymyzyň milli guwanjy bolan Döwlet baýdagymyzyň ýurdumyzyň esasy Kanuny bilen birlikde bitewiligi emele getirýändigi baradaky joşgunly çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi.
Buýsançly pursatlara beslenen baýramçylyk çäresi etrabyň sazçylyk sungat mekdebiniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam edip, ýaňlanan joşgunly çykyşlar oňa gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Aýjennet HYDYROWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.