«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp günlerinde bagtyýar ýüpekçi kärendeçilerimiz jogapkärli möwsümi başdan geçirip, olar ýüpek gurçuklaryna edilýän ideg işlerini uly ruhubelentlik bilen, guramaçylykly ýola goýýarlar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi hem bu jogapkärli işe özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Ýakynda ýüpekçi kärendeçileriň armasyny ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri, etrabyň «Ruhubelent» geňeşliginden Ogulşeker Aşyrowa bilen söhbetdeş boldular.
Söhbetdeşligiň başynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýan ýüpekçiligi ösdürmek bilen bagly tutumly işlere badalga berendigi we bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Soňra O.Aşyrowa öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünliklerimiz bilen jemläp, döwlet harmanyna ýokary hilli piläniň bol hasylyny tabşyrmak, biz pileçileriň esasy maksady bolup durýar. Asuda Diýarymyzda ýüpek gurçugynyň bol hasylyny almak ugrunda döredilip berilýän şeýle mümkinçilikler biz pileçi kärendeçileriň şatlygyny goşalandyrýar. Halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!»
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýüpek gurçugynyň idegini talaba laýyk alyp barýan öňdebaryjy ýüpekçi kärendeçilerimize Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Parahat HAŞYMOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.