Golaýda şeýle şygar bilen S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga ady agzalan orta okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp gyzlary hem-de mährem eneler gatnaşdy.
Maslahat duşuşygynyň esasy maksady gyz-gelinleriň arasynda maşgala mukaddesligini, edep-terbiýe kadalaryny, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy wagyz etmekden hem-de ýaşlarda watançylyk duýgusyny ösdürmekden barada täsirli çykyşlar oňa gatnaşanlar tarapyndan üns bilen diňlenildi.
Çykyşlarda maşgala bagtyýarlygynyň zenanlara baglydygy, öý-ojagyň mukaddesligi, zenanlaryň ahlak terbiýesi, olaryň gyz çagalaryna berýän terbiýesiniň we görkezýän göreldesiniň möhümdigi barada aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde zenan sarpasyny belende göterýän we milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini joşgunly beýan edildi.
Annagözel SARYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.