Bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba, kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara nusgalyk mekdep bolup durýar. Kitap okaýan adamyň akyl-paýhasdan ýüki ýetik bolýar. Many-mazmunly kitaplaryň okalmagy ynsanyň ömür ýoluna ýagty şugla salýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýol-ýörelgämizdir, geljegimiziň şamçyragydyr.
Golaýda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek hem-de kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň etrabyň 3-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda ýokary synp okuwçylaryň arasynda «Arkadagyň kitaplary – ýaşlara ýol-ýörelge» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Sakarçäge etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň kitaphanasynda geçirilen döredijilik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan her bir eseriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, olaryň ýaşlaryň ýankitabyna öwrülendigi, bu eserleriň her birinde türkmen halkynyň geçmişiniň, şu gününiň aýdyň şöhlelenýändigi barada buýsançly söhbet edildi. Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň halkymyzyň hazynasydygy, ruhy täjidigi baradaky waspnamalar duşuşygyň dowamyndaky çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda ýurdumyzyň dünýä derejesinde hem-de ählumumy ulgamda alyp barýan syýasatyna dogry we çuňňur düşünmek babatda ýol-ýörelge bolup durýar.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlaryň her biri ýaş nesliň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Gülüstan NURYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.