TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Mary etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň muzeýine gezelenç çäresi guraldy.

     Ýaşlaryň medeni we taryhy ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelenç «Geçmişe syýahat, geljege buýsanç» ady bilen geçirilip, oňa ady agzalan orta mekdebiniň ýokary synplarynda bilim alýan bagtyýar okuwçylary gatnaşdy.

     Gezelenjiň başynda TMÝG-niň Mary etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 38-nji orta mekdebiniň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni mirasyny, taryhy ýadygärlikleri öwrenilmekde we olary wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler, şeýle hem, ýurdumyzyň taryhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary barada giňişleýin gürrüň edildi.

     Gezelenjiň dowamynda okuwçylar mekdebiň muzeýinde aýawly saklanyp, halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklary bilen tanyş boldular. Gezelenç okuwçy ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

     Işjeň häsiýete eýe bolan gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli mirasyny giňden öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

Ogulnur BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar