Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gadymy däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimizi ýaş nesillere ýetirmek, olary döwrebaplaşdyrmak we giňden wagyz etmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Gadym döwürlerden bäri türkmen zenanlary öz gyzlaryna tikin tikmek, haly dokamak, keçe güllemek, alaja örmek ýaly hünärleri öwredipdirler. Asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip gelen el işlerimiz bagtyýar döwrümizde mynasyp dowam etdirilýär.
Golaýda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan» ugur alyp, durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän ýaşlaryň hünär taýdan taýýarlygyna ýardam bermek we milli däp-dessurlara, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine söýgi döretmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda açylyp ulanylmaga berlen Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäherinde ýerleşýän 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan Orazowlaryň maşgalasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Bu söhbetdeşlik duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň esasy hünärmenleri J.Şiriýewa, S.Babanyýazowa, O.Atdaýewa we Orazowlaryň maşgala agzalary gatnaşyp, türkmen milli köýnegi bolan ýanly köýnegiň biçilişi we tikilişi barada giňişleýin söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda tikinçi zenan Gülnar Orazowa ýanly köýnegiň biçilişini we tikilişini görkezse, ýaş nesliň wekilleri bolan gyzlary el işlerini ýerine ýetirdiler.
Tikinçi zenan ýanly köýnegiň beýleki biçüwleriň içinde gelşikliligi bilen tapawutlanýandygyny, mata biçilende, ýygyrdyny düzedip ölçemelidigi, ölçegler göwnejaý bolandan soň matany kesmelidigi dogrusynda gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde ýanly köýnegiň biçilişiniň döwrebap görnüşe eýe bolandygy, milli nusgalarymyza öwüşgin berlip, dürli nagyşlar, alajalar bilen bezelýän ýanly köýneklerimizi gelin-gyzlarymyzyň toý baýramlarymyzda, gündelik durmuşymyzda uly höwes bilen geýýändigi barada joşgunly söhbet edildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli şertler bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaga, milli däp-dessurlarymyzy dikeldip, geljekki nesillere ýetirmäge, el işlerimizi döwrebap görnüşde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Owadan ATDAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.