GENDER SYÝASATY ÖSDÜRILÝÄR

     Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň paýhasly şygary bilen başyny başlan giň gerimli özgertmelerini «Watan diňe halk bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen täzeçe baý mazmunly şygar bilen netijeli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, şol bir hatarda, aýallaryň we erkekleriň hukuklarynyň deňligini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan hem, şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara guramalary bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde dürli çäreler geçirilýär.

     Ýaňy-ýakynda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen okuw-maslahaty hem ady agzalan meselä bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim  hem-de saglyk ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdy.

     Okuw-maslahatynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň demokratiýa meseleleri we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Şemşat Atajanowa, BMG-niň Ilat gaznasynyň Gender meseleleri boýunça ýaşlar bölüminiň müdiri Mähri Karakulowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ynsanperwer bölüminiň hünärmeni Zeýnep Welliýewa hem-de beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere zenanlaryň we erkekleriň deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin zerur bolan şertleri döretmek babatynda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Gender deňliginiň durnukly ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy we onuň adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin möhümdigi dogrusyndaky täsirli söhbet bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi.

     Okuw-maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda adam hukuklarynyň doly derejede berjaý edilmegini ähli zatdan ileri tutýan, gender syýasatyna aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar