SPORT BILEN SAGLYGA TARAP!

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşik geçirildi. Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebinde «Sport bilen saglyga tarap!» ady bilen geçirilen bu çärä sport söýüji ýaşlar uly hyjuw bilen gatnaşdylar.

     Turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslenip geçirilen bäsleşigiň esasy maksady sagdyn bedenli ýaşlary kemala getirmekden, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda sporta bolan söýgini has-da artdyrmakdan, bedenterbiýe sport we sagdyn durmuş çärelerini yzygiderli guramakdan ybarat boldy.

     Bäsleşigiň başynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň  esasy hünärmeni Myrat Hanow, Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hünärmeni, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Serdar Nazarow dagylar çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdyp, bäsleşige gatnaşýan türgenlere şowlulyk arzuw etdiler.

     Sport bäsleşiginiň dowamynda ýaş türgenler özleriniň görkezme çykyşlary bilen çykyş etdiler we sportuň woleýbol, küşt-şaşka, stoluň üstünde oýnalýan tennis we ITF-Taekwondo, welosport görnüşleri boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Ýeňiji bolan türgenlere TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Resul BAÝRAMOW,

TMÝG-niň  Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar