Müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde mesgen tutan halkymyz milli gymmatlyklarymyzyň ýer ýüzüne ýaýramagyna uly goşant goşupdyr. Şol gymmatlyklaryň içinde türkmen halysyna aýratyn orun degişlidir. Türkmen halysy özüniň nepisligi, gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Halyçylyk iňňän inçe sungat bolup, ol synçylygy, sabyrlylygy, ezberligi talap edýär. Daşary ýurtly syýahatçylar, jahankeşdeler, taryhçylar biziň halylarymyza, halyçylaryň zähmetine ýokary baha berýärler. Ene-mamalarymyz bu inçe sungaty nesiden-nesle geçirip kämilleşdirip gelipdirler. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa haly sungatynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Golaýda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çagalaryň aýdym-saza bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Sakarçäge etrabynyň 8-nji çagalar bagynyň bilelikde guramagynda etrabyň 8-nji çagalar bagynda «Türkmeniň halysy – türkmeniň kalby» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa TMÝG-niň ýerli geňeşleriniň işgärleri, çagalar bagynyň mugallymlary, terbiýeçileri, çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresinde «Nowruz nagmalary» çagalar toparynyň ýerine ýetirmeginde çeper okaýyşlar, aýdyşyk aýdymlary, folklor çykyşlary ýerine ýetirildi. Körpeje gyzjagazlaryň haly stanogynyň başynda «Eý, daragym batlan» aýdymyna hiňlenmegi bolsa, dabara gatnaşanlarda üýtgeşik täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda bagtyýar çagalar «Küştdepdi» tansyny bilelikde ýerine ýetirdiler. Ýokary ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresinde çykyş eden körpeleriň çykyşlarynda bagtyýar zamanamyza bolan buýsanç duýgulary öz beýanyny tapdy.
Uly ruhubelentlige we täsirli duýgulara beslenip geçirilen dabaranyň dowamynda 8-nji çagalar bagynyň mugallymlaryna we bagtyýar körpelerine TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar çagalaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ŞIRIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.