WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýakynda «Millilik ýüregimizde - sarpa goýýarys uludan» diýen şygar bilen Murgap etrabynyň 22-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, şol mekdepde bilim alýan okuwçy ýaşlar we mugallymlar gatnaşdy.

     Ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik,watansöýüjilik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olaryň arasynda milliligi, medeni-mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen guralan wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary tejribeli nesil bolmagyny, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmagyny gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynda ähli şertleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem ýaşlaryň edep-terbiýesi, ahlak arassalygy, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy durmuşa geçirmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreşde netijeli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn nygtaldy.  

     Duşuşyga gatnaşyjylar ata Watanymyzy batly depginler bilen ösdürýän, ýaşlarymyzy bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Nowruz MÄLIKOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň  esasy hünärmeni.