TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

      Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda parahat ýurdumyzda ýaşlaryň yhlasly okamagy, bilim almagy üçin giň şertleriň döredilmegi babatda taýsyz tagallalar edilýär. Durmuşa geçirilýän şeýle bimöçber işlerden ugur alyp, ýaşlary kitaphanalara çekmekde, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.

      Hut şu nukdaýnazardan, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 39-njy orta mekdebiniň kitaphanasynda «Älem syry kitap bilen açylýar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga ady agzalan mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

      Duşuşykda çykyş edenler «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlik durmuşa geçirilýändigini, Meýilnama laýyklykda, ýaşlary kitaphanalara çekmekde, olarda kitaba bolan çuň höwesi döretmekde hem-de ýaşlaryň arasynda kitaphana medeniýetini wagyz etmekde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, bularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň durýandygyny buýsanç bilen bellediler.

      Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinden eriş-argaç bolup geçýän terbiýeçilik ähmiýetindäki hekaýatlardyr, tymsallaryň ýaşlary watançylyk duýgusynda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdigi baradaky çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi.

      Täsirli geçen çärä gatnaşanlar ýaşlara okamaga we öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Sülgün ATAÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.