EÝLE DÖWRÜMIZE SEÝRAN, PYRAGY!

    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýeňişli menzilleri külterleýän ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň durmuşyndaky bolup geçýän taryhy wakalar we buýsançly seneler il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredip, täze sepgitlere galkyndyrýar. Ýakynda Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň çapdan çykmagy türkmen halkyna, ylaýta-da, ykbaly galkynan türkmen ýaşlaryna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi. Hut şu nukdaýnazardan, häzirki günlerde welaýatymyzyň çäginde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr, söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.

    Düýn şu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen duşuşyga bagtdan paýly, sylagdan serpaýly, kalplary «Watan» söýgüsinden doly ýaşlar gatnaşdylar.

    Bagtyýar ýaşlarymyzyň buýsançly sözleriniň giňden beýany edilen  duşuşygyň başynda Gündogaryň şygyr dünýäsinde dogan ýyldyzlaryň biri, türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar türkmen döwleti bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda behişdi mekana öwrülendigi dogrusynda buýsançly söhbet açyldy. Soňra üstümizdäki ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde seleňläp duran ýadygärliginiň hem-de şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylandygy, beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy bolan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygy, bularyň ählisiniň bolsa nusgawy şahyrymyza goýulýan sylag-sarpanyň aýdyň beýany bolup şöhlelenýändigi barada aýratyn bellendi.

    Çykyşlaryň dowamynda söz mülküniň zergäri, dana şahyrymyzyň döredijiligine aýratyn üns çekildi. Onuň umman deýin giň döredijilik dünýäsiniň ähli adamzadyň ruhuny baýlaşdyrýandygy, ýaş nesillere bolsa, edep-terbiýe bermekde uly ähmiýetli gollanma bolup durýandygy hakynda täsirli gürrüň öz beýanyny tapdy.

    «Tegelek stoluň» başynda çykyş edenleriň her biri halkymyza bagtyýarlygy baky peşgeş beren, nusgawy edebiýatymyzy we akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar