TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda  ýurdumyzda haly we halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Her ýylda Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilmegi hem hormat-sylagdan nyşandyr.

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary şäher Geňeşleriniň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda  Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresi gurnaldy. Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan gezelenç «El bilen döredilen gudrat» ady bilen gurnalyp, oňa Mary şäheriniň orta mekdeplerinde bilim alýan ýokary synp okuwçy gyzlar, işjeň agzalar gatnaşdy.

     Milli gymmatlyklarymyzy, müň dürli öwüşginli reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan türkmen  halylarymyzy, halkymyzyň özboluşly däplerini wagyz etmek hem-de halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza, türkmen halysyna bolan söýgüni has-da artdyrmak maksady bilen guralan duşuşyk bagtyýar ýaşlaryň ruhuny belende göterdi. 

     Gezelenjiň barşynda bagtdan paýly okuwçy gyzlar türkmen halkynyň kalbynyň nagşy siňen haly we haly önümleriniň ajaýyp sergisi ýerleşdirilen muzeýiň etnografiýa we wagtlaýyn sergi bölümleri bilen tanyş boldular. Muzeýde ýerleşdirilen milli gymmatlyklarymyz, gadymy taryhymyz aýratynda türkmen gelin-gyzlarynyň elinden döreýän gudrat bolan halylaryň dürli görnüşleri ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerdäki sungat eserleri çärä gatnaşyjylaryň milli sungatymyza bolan söýgüsini has-da artdyrdy.

     Gezelenje gatnaşanlar  milli mirasymyzy we buýsançly gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda bimöçber aladalary durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýtdylar.

 

                                                                                       Akjeren ANNADURDYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar