«SOŇKY JAŇ» DABARASY GEÇIRILDI

   Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her ýyl eziz Diýarymyzda ýaşlaryň on müňlerçesi mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýollaryna gadam basýarlar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralar biziň etrabymyzda hem giň gerime eýe bolýar.

    Şugün Sakarçäge etrabynyň 45-nji orta mekdebinde-de «Soňky jaň» dabarasy uly ruhubelentlikde geçirildi. Beýik maksatlary nazarlaýan ýaş-oglan gyzlaryň ençemesi bu baýramçylyk çäresine işjeň gatnaşdylar. Olaryň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka – okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna iberen Gutlag haty okaldy. Soňra il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, halypa mugallymlar, ene-atalar uçurymlary gutlap, olara ak ýol arzuw etdiler.

   Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen goşgularda, ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gül açýan Watanymyzyň waspy belentden ýetirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň çykyşlarynda bagtyýar zamanamyza buýsanç, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda dürli sport ýaryşlarynda, ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

   Bu baýramçylyk dabarasy ýaşlygyň, bilimiň özboluşly baýramçylygy hökmünde mekdep bilen, mugallymlary, çagalyk dünýäsi bilen hoşlaşyp, mugallymlaryna we ene-atalaryna hoşallyk sözlerini beýan eden uçurymlaryň kalbynda hemişelik galar.

 

Kerim ALTYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň bhünärmeni.

Meňzeş habarlar