SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Mary welaýat kitaphanasynda «Eziz Watan diýip urýarka ýürek, ganatly göwünler alkyşdan doly» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň möhüm syýasy wakalaryny we täzeliklerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen guralan duşuşyga kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdy.

     Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça durnukly ösüşlere eýe bolmagyna mümkinçilik döredýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, zähmet çekmegi, döretmegi we gurmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar