TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

      Ýakynda Mary welaýat kitaphanasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlige ady agzalan guramalaryň wekilleri gatnaşyp, onda ýaşlarymyzyň buýsançly sözleri beýan edildi.

      Uly täsirlere beslenip geçirilen «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşanlar  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işleri netijesinde türkmeniň milli medeniýetiniň,  sungatynyň we edebiýatynyň Ýer ýüzünde  dabaralanmagynyň ýaşlarymyzda, ylaýta-da medeniýet we döredijilik işgärlerinde buýsanç duýgusyny kemala getirýändigini buýsançly bellediler. Medeniýet ulgamynyň ösüşlere eýe bolýandygyny halkara gatnaşyklarynyň çäklerinde hem görmek bolýandygy, bularyň gözbaşynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklara giň ýol açylandygy dogrusynda çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

      Täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar türkmen medeniýetiniň sarpasyny we hormatyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

TMÝG-niň  Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar