ÇEKELEŞIKLI GEÇEN ÝARYŞ

    Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda-da sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça biziň welaýatymyzda hem giň gerimli işler alnyp barylýar.

    Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň we «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda sportuň futbol gönüşi boýunça geçirilen ýaryş gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň göçme kubogyny almak ugrunda guralan ýaryşa şäherdäki orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy oglanlardan düzülen toparlaryň ençemesi gatnaşdy.

    Netijede, Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň topary baş baýragy eýeläp, olar TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň göçme kubogyna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ýeňiş türgenlerimizi täze üstünliklere galkyndyrdy.

    Şeýle maksatly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň birek-birege sylag-hormatyny, jebisligini kemala getirip, dünýägaraýyşlaryny giňeldýär. Bu bolsa, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

 

Myrat HANOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar