Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen Türkmengala etrabynyň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji çagalar bakja-bagynda aýdym-sazly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen çäre Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy. Oňa ady agzalan guramalaryň wekilleri, çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler, terbiýeçiler hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Çäräniň başynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Bilbil Jumaýewa, TKA-nyň Türkmengala etrap birleşmesiniň hünärmeni Dürli Setdarowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Akga Akgaýew hem-de beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda parahat ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň döwrebap-bilim terbiýe almagy, olaryň Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin alnyp barylýan işler dogrusynda durup geçdiler.
Soňra körpe çagalaryň taýýarlan aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna tomaşa edildi. Ata Watanymyzy, berkarar döwletimizi, bagtyýar çagalygy hem-de gözel tebigatymyzy wasp edýän aýdym-sazlar çäre gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň erkana okap, bilim almaklary ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Guwanç ÝAZHANOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.