WATANMYZYŇ ÝÜREGI-MERJEN ŞÄHER AŞGABAT

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebi bilen bilelikde gurnamaklarynda şol mekdebiň okuwçylarynyň arasynda «Ak şäherim Aşgabat-halkara hyzmatdaşlygyň merkezi» ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikdäki meýilnamasy boýunça çäreleri geçirmek, umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ak şäherimiz Aşgabadyň ak mermerli binalaryny, ýagty agşamlaryny aýdym-sazlaryň üsti bilen wasp etmek maksady bilen geçirilen bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri hem-de Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. 

      Merjen şäherimiz Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň jemlenen paýtagty, şeýle hem häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir. Aşgabadyň özboluşly desgalary, dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň merjen şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysalydyr. Häzirki döwürde hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Aşgabady ösdürmek – dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şäheriň ilatynyň sanynyň artmagy, soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleriniň has-da giňeldilmegine getirdi. Bu bolsa Aşgabadymyzy dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwürdi. Ine bu çärede hem ak mermerli şäherimiziň buýsanjy, guwanjy höwesjeň ýaş nesilleriň dilinde aýdym bolup, saz bolup ýaňlandy. Çäräniň dowamynda ýaňlanan her biz aýdym-sazda goşgy setirlerinde bagt şäheriniň binalary, aýdyň gijeleri, nurly gündizleri wasp edildi. Çärä gatnaşanlar paýtagtymyz Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäher, parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraýyny barha artdyrýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag başlarynyň aman bolamagyny arzuw etdiler.

 

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-nyň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar