ÝAŇLANSYN DÜNÝÄDE ÇAGA GÜLKÜSI

      Ýaşaýşymyza bolan höwesi döredýän, durmuşymyzyň özenini düzýän, öýlerimiziň «altyn aşygy» hasaplanýan, ýüzleri nurana mähriban çagalaryň şadyýanlygyny we bagtyýarlygyny göreniňde, gülki we mylaýym seslerini eşideniňde göwün argynlygyň unudylyp, köňlüň ýazylaýýar.

      «Bal süýji, baldan bala süýji» diýen peder pähminden gözbaş alýan bagtyýar çagalar – biziň geljegimizi ýagtyldýan Güneş, adamzat ýaşaýşynyň many-mazmuny, maşgala durmuşynyň bezegi, jemgyýetiň ösüş-özgerişli geljegi saýylýar. Bugünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşymyzyň bezegi bolan çagalar barada edýän aýdyň maksatlary gerim alýar.

      Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak boýunça ygtybarly hukuk we durmuş şertleri döredilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gaznanyň hasabyna birnäçe çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň saglygynyň dikeldilmegi ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.

      Ata Watanymyzyň ertirki eýeleri bolan çagalaryň şanyna her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu baýramyň ýurdumyzda döwlet tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň sanawyna goşulmagy bolsa, halkymyzyň körpelere bolan söýgüsini şöhlelendirýär.   

      Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem çagalar üçin niýetlenen ähli seýilgählerde ajaýyp dabaralar guralyp, olaryň şanyna aýdym-sazlar belentde ýaňlanýar, sergiler, bäsleşikler, sport we sagaldyş çäreleri bilen utgaşýar. Şeýle çärelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat,şäher, etrap Geňeşleri hem işjeň gatnaşýarlar. Bu şanly gün mynasybetli, geçirilýän her bir çäreler baldan süýji balalara unudylmajak täsirleri, şatlyk duýgularyny peşgeş berýär.

      Mahlasy, çaga – durmuşyň güli, ýaşaýşyň özeni.

      Goý, güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda parahat ýurdumyzyň nowça gülleri bolan eziz çagalaryň gülki sesleri, şat owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar