GALLA ORAGYNA BADALGA BERILDI

     Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da zähmetsöýer daýhanlarymyz, edermen babadaýhanlarymyz özleriniň gaýratly zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirler. Daýhanlarymyzyň alyn deri bilen kemala getirilen ak ekinler orak möwsüminiň golaý gelendigini buşlaýar.

     Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip ýetişdirilen galla hasylyny guramaçylykly ýygnamak maksady bilen welaýatymyzda galla oragynyň başlanmagyna ak pata berildi. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçiler gatnaşdylar.

     Elleri orakly ýaşulular Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyna eýerip, «Bismilla, ýylymyz bereketli, saçaklarymyz nanly bolsun!, Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!» diýip, galla oragyna başlap berdiler. Soňra kombaýnlaryň sazlaşykly hereketi bilen atyzlar bugdaýdan saplanylyp başlandy. Olaryň üznüksiz işlemegi üçin abatlaýyş-mehaniki ulgamyň işi ýaýbaňlandyryldy we awtoulaglar ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýag serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün edildi.

     Dabara gatnaşanlaryň her biri türkmen halkynyň döwletli döwranda, bolçulykda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

12 Iýun 2025 | 139 okalan

KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

11 Iýun 2025 | 149 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

10 Iýun 2025 | 296 okalan

GALLA ORAGYNA AK PATA BERILDI