Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary, milli mirasy, asylly däp-dessurlary we edim-gylymlary düýpli öwrenilýär, olar halk arasynda giňden wagyz edilýär.
Hut şu nukdaýnazardan, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, «Miras» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik duşuşygy has-da täsirli boldy. «Mirasym bar – buýsanjym bar» ady bilen geçirilen duşuşygyň esasy maksady halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny hem-de medeni mirasyny ýaş nesillere düşündirmekden, ony ilat arasynda wagyz etmekden, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döredip we kämilleşdirip bize goýan türkmen telpeginiň ýasalyşyny halk köpçüligine giňişleýin ýetirmekden ybarat boldy.
Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň hiç bir halka meňzemeýän gyrmyzy donunyň, çäkmeniniň, ezýaka köýneginiň we türkmeniň silkme telpeginiň ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döredip hem-de kämilleşdirip ýaş nesillerimize goýan ajaýyp miraslarydygy barada aýratyn nygtaldy.
Gyzykly geçen söhbetdeşlikde Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy Kakajan Agaýew silkme telpeginiň taýýarlanyşy dogrusynda şeýle gürrüň berdi: «Silkme telpegi taýýarlamak üçin ozaly bilen, ýüňli deri saýlanyp alynýar we ol ilkibaşda duzly suwa ýatyrylýar. Çünki duzly suwda deriniň ýüzündäki zatlar eräp aýrylýar.ine, şondan soň, duzly suwdan çykaryp, sergin şemala, Günüň tylla nurunda guratmaly. Soňra deriniň ýüzüni oňat agartmaly, mazaly eýini alansoň, deriniň iç ýüzüni gyrkmak gerek, hususan-da, tikmegiň öňüsyrasynda telpegiň ölçegini almaly we tikmeli. Telpek tikilensoň, hökmany ýagdaýda işlik tikmeli, sebäbi, zerurlyk ýüze çykan mahaly işligi çalşyp bolýar.»
Şeýle hem, söhbetdeşlik duşuşyga gatnaşanlaryň her biri milli mirasymyzy düýpli öwrenmäge, ony wagyz etmäge güň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Bilbil JUMAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.