SPORT ÝARYŞY GEÇIDILDI

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar ýaşlar bedenterbiýe we sport bilen içgin gyzyklanýarlar. Hut şonuň üçin-de ýaşlaryň arasynda dürli sport çäreleri we bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

     Şeýle ýaryşlaryň biri hem, golaýda Mary etrabynyň 5-nji çagalar bagynda geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen ýaryş «Sport – saglygyň gözbaşydyr» diýlip atlandyryldy. Körpeleriň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmak hem-de olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen guralan ýaryşa ady agzalan çagalar bagynyň sporta höwesli ýaşajyk körpeleri gatnaşdylar.

     Sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça guralan ýaryşda körpeler 50 metr aralyga ylgamakda bäsleşdiler.Ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Oňa gatnaşan körpeler sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändiklerini nobatdaky gezek subut edip, sportuň bu görnüşi körpe nesillerde tutanýerlilik we çalasynlyk ýaly häsiýetleri kemala getirýändigini görkezdi.

     Gyzykly geçen ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere we tapawutlanan körpelere TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

     Sport ýaryşynyň dowamynda oňa gatnaşanlaryň ählisi ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mukam SALAROW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

12 Iýun 2025 | 119 okalan

KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

11 Iýun 2025 | 129 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

10 Iýun 2025 | 257 okalan

GALLA ORAGYNA AK PATA BERILDI