ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

     Halkymyz gadymy döwürlerden bäri öz perzentlerini ertekileriň, rowaýatlaryň, hekaýatlaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Türkmen halk ertekileriniň çagalary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, pähim-paýhas, mertlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti uludyr. Halk döredijiliginiň bu görnüşinde beýan edilýän wakalar çagalaryň geljek durmuş ýolunda gerek bolan endikleri, gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn orun eýeleýär. Körpe nesillere ertekileri öwretmek, olara halk döredijiliginiň bu görnüşini wagyz etmek nukdaýnazaryndan amala aşyrylýan işler, durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzyň ähli çagalar bakja-baglarynda giň gerime eýe bolýar.

     Golaýda ýaş nesillere gadymdan gelýän halk döredijiligi bolan ertekileri öwretmek, olary agzybirlik, maşgala söýgi, dogumlylyk, mertlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de Sakarçäge etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen şol bakja-bagynyň ýanaşyk ýerlerine çagalaryň gezelenç çäresi guraldy.

     Gezelenjiň barşynda çagalar bu gözel künjekde orun alan ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bolan Akpamygyň hem-de onuň ýedi doganlarynyň, pişijeginiň heýkelde şekillendirilen keşplerini uly höwes bilen synladylar. Körpeler gyzykly geçen gezelenjiň ýakymly pursatlaryndan lezzet aldylar. Soňra terbiýeçileriň gürrüň bermeginde türkmen halk ertekileriniň birnäçesi diňlenildi. Erteki gahrymanlaryny çaga bilesigelijigi bilen diňlän körpejeler olaryň gylyk-häsiýetleri barada mugallymlara birnäçe sowallary berdiler we sorag-jogap alyşdylar. Diňlenen ertekiler körpejeler üçin has-da täsirli boldy.

     Çäräniň ahyrynda çagalar ýurdumyzy çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurduna öwren, körpeleriň bolelin, şadyýan durmuşda ýaşamagy, çaga gülküleriniň belentden ýaňlanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Merdan BEKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

12 Iýun 2025 | 119 okalan

KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

11 Iýun 2025 | 129 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

10 Iýun 2025 | 257 okalan

GALLA ORAGYNA AK PATA BERILDI