KÖRPELER SURAT ÇEKMEKDE BÄSLEŞDILER

     Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli şu gün Garagum etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Tebigat – biziň öýümizdir» ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Körpeleriň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, olaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de surat çekmek bilen meşgullanmak endigini kemala getirmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Oňa etrabyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň bagtyýar körpeleri gatnaşdylar.

     Döredijilige höwesjeň zehinli körpeleriň arasynda geçen bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bäsleşikde körpeler ajaýyp tebigatymyzy we bagy-bossanlygy wasp edýän mowzuklar boýunça surat çekmek-de öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren surat eserleri körpe nesilleriň döredijilige bolan söýgüsini has hem artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Bu bäsleşik körpeleriň tebigata aýawly garaýşynyň kämilleşýändigini görkezdi.

     Bäsleşige işjeň gatnaşan körpe nesiller ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

 

Ýazmyrat ANNAGURBANOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Iýun 2025 | 119 okalan

KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

11 Iýun 2025 | 129 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

10 Iýun 2025 | 257 okalan

GALLA ORAGYNA AK PATA BERILDI