Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biri bolup, mekdep okuwçylary bu pasylda dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Dynç alyş günleri ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýakynda Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Ýolöten şäher «Bagtyýarlyk şuglasy» çagalar dynç alyş meýdançasynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Bagtyýar çagalar – ýagty ertirleriň umydy» ady bilen geçirilen çärä ýokarda ady agzalan guramalaryň wekilleri, etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylary gatnaşdylar.
Çäräniň başynda täsirli çykyşlara orun berlip, olarda güneşli Diýarymyzda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ata Watanymyza wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin alnyp barylýan işler barada aýratyn nygtaldy. Soňra çärä gatnaşýan bagtyýar çagalaryň taýýarlan aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna tomaşa edildi. Çagalaryň ýerine ýetiren tanslary bolsa, hemmeleriň göwnüni al-asmana göterdi.
Şeýle-de, şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna sagbolsun aýtdylar.
Meretgeldi ANNAKULYÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten
etrap Geňeşiniň başlygy.