DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANDY

      Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda daşky gurşawy goramak, bagtyýar geljegimiz üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak babatynda ýurt ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň biziň ýurdumyzda-da baýram edilmegi bu möhüm meselä berilýän ünsüň bimöçberdigine güwä geçýär.

      Ýaňy-ýakynda bu şanly sene mynasybetli Murgap etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynda «Bagy baryň saýasy hem miwesi bar» ady bilen gezelenç çäresi geçirildi. Zeminiň bezegi, görki bolan baglary ösdürip ýetişdirmek, köpçülik ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşlarda ene topraga, gözel tebigatymyza çäksiz söýgini döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen gezelenje ady agzalan bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň birnäçesi gatnaşdy.

      Gezelenjiň başynda ata Watanymyzda pürli, miweli we saýaly baglary oturtmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gowulandyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyşlar diňlenildi. Soňra körpeler çagalar baglarynda oturdylan dürli baglaryň ençemesi bilen tanyş boldular. Oturdylýan baglaryň her biriniň adam saglygyna ýetirýän peýdasy dogrusyndaky gyzykly maglumatlar çagalarda uly täsir galdyrdy.

      Gezelenjiň dowamynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Laçyn RAHMANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Iýun 2025 | 139 okalan

KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

11 Iýun 2025 | 149 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

10 Iýun 2025 | 296 okalan

GALLA ORAGYNA AK PATA BERILDI